(Aýdymyň gyzykly taryhy)
«Doglan günüň bilen!» aýdymy aslynda, doglan gün üçin ýazylmandyr. Doglan gün dabaralarynyň aýrylmaz bölegi bolan «Doglan günüň bilen!» (Happy Birthday to You) aýdymy çagalar bagynda terbiýelenýän körpejeleriň gününi şadyýan başlamagy üçin düzülipdir. XIX asyryň ahyrynda çagalara «Haýyrly ertir!» diýmek üçin döredilen meşhur aýdym ýyllaryň dowamynda üýtgedilip, doglan gün aýdymyna öwrülipdir.
«Britannica» ensiklopediýasynda berilýän maglumatlara görä, aýdymyň sazy 1893-nji ýylda amerikaly gyz doganlar Petti Smit Hill we Mildred J.Hill tarapyndan çap edilen «Hemmäňiziň ertiriňiz haýyrly bolsun!» atly aýdymdan gelip çykýar. Bu aýdymyň heňi çagalar bagynyň giňişliginden çykyp, körpelere niýetlenen dürli dabaralarda ýaňlanyp başlanýar. Az wagtdan mugallymlary gutlamak üçin aýdylan aýdym, soňra üýtgedilen sözler bilen beýleki dabaralarda hem aýdylýar. XX asyryň başynda çap edilen nusgalarda bu aýdym «Doglan günüň bilen!» diýen sözler bilen peýda bolýar. Bilermenleriň pikiriçe, bu özgerişlik kompozitorlaryň ýa-da şahyrlaryň tagallasy bilen däl-de, halk köpçüliginiň halamagy bilen tebigy ýagdaýda ýüze çykypdyr.
Bu aýdym dünýäde nädip çalt ýaýrady?
Amerikan medeniýetiniň täsiri aýdymyň çalt ýaýramagynda möhüm orny eýeläpdir. Golliwudyň filmlerinde, telewideniýe gepleşiklerinde we mahabatlarda «Doglan günüň bilen!» aýdymynyň mahabaty ýetirilip, Ýer ýüzüne belli bolýar. Bilermenleriň pikiriçe, aýdymyň çalt ýaýramagy we meşhurlygy onuň gysgalygynda, ýönekeý we gaýtalanýan sözlerinde. Çagalaryň aýtmagy üçin aňsat bolan aýdymyň sözlerini islendik dile hem terjime edip bolýar. Mähriban çagalar, geliň onda «Doglan günüň bilen!» aýdymyny bilelikde ýerine ýetireliň!
PDF









