22-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy giňden beýan edýän halkara sport baýramydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda bu sene mynasybetli bedenterbiýe-sport çärelerini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
PDF









