Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Häzirki wagtda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreleri, haly önümleriniň sergisini hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini geçirmek üçin taýýarlyk görülýär.
Bu şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisini hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Serginiň çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» atly döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine birnäçe döwletden belli halyşynaslaryň, türkmen halysynyň muşdaklarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň, halyçylyk bilen meşgullanýan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de paýtagtymyzda «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu barada 22-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
PDF









