“BRIDGE” taslamasynyň çäklerinde okuw maslahatlary geçirilýär

2

«Italiýa-Merkezi Aziýa» formatynda hyzmatdaşlygyň esasynda dolandyryş we bilim üçin «Durnukly institusional dialogy döretmek (BRIDGE)» atly taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, agzalan taslamanyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär. Italýan tarapynyň teklibine laýyklykda, gibrid görnüşinde geçirilmegi meýilleşdirilen taslama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri «Oba hojalygyň durnukly ösüşi», «Arabaglanyşyk we senagat», «Suw we saglygy goramak», şeýle hem «Gaýtadan dikeldilýän energiýa» atly ugurlarda 4 (dört) topara bölünip, her topar degişli ugurda hünärini kämilleşdirýär.
Taslamanyň meýilnamasyna laýyklykda, onuň I tapgyryndaky okuw maslahatlary sanly ulgam arkaly uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly alnyp barylýar. Taslamanyň çäginde italýan bilermenleriniň sanly ulgam arkaly uzak aralykdan geçirýän okuw maslahatlaryna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet gullukçylary durnukly oba hojalyk, suw we saglygy goramak hem-de täzelenýän energiýa, ýagny “ýaşyl” energiýa geçiş ýaly ugurlar boýunça gysga möhletli hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşýar.
BRIDGE (Building Resilient Institutional Dialogue for Governance and Education/Dolandyryş we bilim üçin durnukly institutsional dialogy gurmak) taslamasy hünär kämilleşdiriş işini we institutsional mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen başlangyç bolup, Italiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Italiýa-Merkezi Aziýa “5+1” formatynyň çäklerinde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek üçin niýetlenendir. Taslama Wenesiýadaky Ka’ Foskari uniwersiteti tarapyndan utgaşdyrylýar.
Astana sammitiniň bilelikdäki Jarnamasyna laýyklykda, taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň döwlet gullukçylaryny, bilermenleri we hususy pudagyň wekillerini bir ýere jemlemek bilen, hünär kämilleşdirişiň we ýokary bilimiň institutsional dialogyny pugtalandyrmak, dolandyryşa utgaşdyrylan çemeleşmeleri öňe sürmek we ileri tutulýan pudaklarda durnukly ösüş çygryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mehanizm bolup hyzmat edýär we hünärmenleriň durnukly torlarynyň döredilmegine, institutsional mümkinçilikleriň güýçlendirilmegine we hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam bermek bilen bilelikde, durnukly dolandyryşy we ösüşi ilerledýär. Hökümetara gatnaşyklaryň gün tertibine laýyklykda, BRIDGE taslamasy suw we saglygy goramak, durnukly oba hojalygy we «ýaşyl» energiýa geçiş ýaly ileri tutulýan ugurlary öz içine almak bilen, şol bir wagtyň özünde netijeli döwlet syýasatyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin zerur bolan tehniki we dolandyryş ukyp-başarnyklary kämilleşdirmeklige niýetlenendir.