XXV «Ak şäherim Aşgabat 2026» halkara sergisi we maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady

1

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda durnukly şäher gurluşygy, düzüm, senagat, energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerine bagyşlanan iki günlük ýokary derejeli halkara forumy öz işini tamamlady. «Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş» şygary astynda geçirilen çäresi sebitde we dünýäde döwrebap urbanizasiýanyň iň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Şanly sene mynasybetli guralan halkara sergä we maslahata dünýäniň onlarça döwletinden hökümet agzalary, halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, iri maliýe institutlarynyň, maýa goýum kompaniýalarynyň, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk, binagärlik we tehnologiýa kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Iki günüň dowamynda foruma gatnaşyjylar üçin giň göwrümli maksatnama — resmi açylyş dabarasy, halkara sergi, Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli «Tegelek stoly», «Aşgabat — 2045» atly strategik plenar mejlisi, şeýle hem B2B we B2G görnüşindäki ikitaraplaýyn işjeň duşuşyklar guraldy.
Halkara forumyň çäklerinde geçirilen BMG-niň «Ählumumy dialogdan ýerli hereketlere: durnukly, inkluziw we akylly şäherleri ösdürmek» atly ýokary derejeli «Tegelek stoly» aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu duşuşykda durnukly şäher gurmak baradaky dünýä tejribesi bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň özara utgaşmasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Aşgabat — 2045» strategik plenar mejlisinde bolsa paýtagtymyzyň uzak möhletleýin geljegi — onuň durnukly, ekologiýa taýdan arassa we sanly ulgama doly integrirlenen köp ugurly şäher hökmündäki ösüş strategiýasynyň esasy ugurlary görkezildi. Maslahatyň ikinji gününde geljegiň şäherleriniň maliýe-maýa goýum şertleri, gurluşyk ekoulgamlary, innowasiýalar we energetika ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi ýaly anyk ugurlarda tejribe alşyldy.
Halkara çäräniň jemleri barada aýtmak bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow şeýle belledi:
«Şanly XXV “Ak şäherim Aşgabat” halkara forumy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde abraýly halkara meýdançadygyny ýene-de bir ýola subut etdi. Ýurdumyz geljegiň binagärligini, sanlylaşdyrmany we ekologiýany ara alyp maslahatlaşmak üçin 50-den gowrak döwletiň wekillerini bir ýere jemledi. Paýtagtymyzyň durnukly ösüşiň we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň döwrebap merkezine öwrülmegine goşant goşantlary üçin ähli gatnaşyjylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin»
Mundan başga-da, forumyň çäklerinde halkara guramalaryň we daşary ýurt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň şäher gurluşyk strategiýasyna hem-de döwletimiziň bu ugurdaky durnukly ösüş syýasatyna ýokary baha berdiler. Ýurdumyzyň şäher gurluşyk hem-de binagärlik ulgamynda amala aşyrýan geljegi uly, öňdebaryjy konsepsiýalary halkara belent mertebeli wekilleriň we ekspertler jemgyýetçiliginiň durmuşynda uly gyzyklanma döretdi hem-de doly goldanyldy. Şeýle hem, durmuşa geçirilýän bu giň göwrümli taslamalaryň ählumumy ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen, dünýäniň öňdebaryjy «Zaha Hadid Architects» binagärlik kompaniýasynyň uly hünärmeni Sattor Jabborow öz çykyşynda şeýle belledi.
«Häzirki wagtda binagärlik dizaýnyny inženerçilik we innowasion gurluşyk tehnologiýalary bilen utgaşdyrmak diňe bir isleg däl-de, eýsem akylly hem-de geljege ukyply şäher giňişliklerini döretmegiň düýpli şertidir. Gurluşyk maglumatlaryny modellemek ýaly sanly ulgamlar, gurluşyk meýdançasyndaky 3D çap etme we robototehnika gurluşyk medeniýetini düýpgöter özgertdi. «Zaha Hadid Architects» hökmünde biz taslamalaryň ilkinji tapgyrlaryndan başlap, innowasiýalary ýerli howa şertlerine, jemgyýetiň talaplaryna we milli medeni aýratynlyklara laýyklykda uýgunlaşdyrýarys. Geljegiň akylly şäherleri tehnologik taýdan näçe ösen hem bolsa, ilkinji nobatda çeýe şäher baglanyşygy, ekologik durnukly materiallar, tebigat elementleriniň integrasiýasy (biofilik utgaşma) we ynsan ölçegindäki gurşaw ýörelgelerine esaslanyp, adam üçin amatly we myhmansöýer bolmalydyr. Şeýle döwrebap gurşawy döretmek bolsa dizaýnerleriň, inženerleriň, gurluşykçylaryň we häkimiýetleriň bilelikdäki bitewi zähmetiniň netijesinde mümkindir»
Geçirilen forum Aşgabat şäheriniň diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly we ekologiýa taýdan arassa şäherleriniň birine öwrülmegindäki yzygiderli ösüşini ýene-de bir gezek subut etdi.
Gatnaşyjylar halkara maslahatyň ahyrynda bu ýerde gazanylan ylalaşyklaryň we hyzmatdaşlyk platformalarynyň uzak möhletleýin taslamalara, durnukly maýa goýumlara we täze innowasion hyzmatdaşlyklara ösjekdigine ynam bildirdiler. «Ak şäherim Aşgabat 2026» halkara forumy geljegiň şäherlerini gurmakda we sebit derejesindäki urbanizasiýany täze hile çykarmakda möhüm taryhy ädim boldy.