«Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler

35

4-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Sergi – dokma senagatynyň enjamlary, tebigy süýümleri gaýtadan işlenilmek, egin-eşik we aýakgap, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary we bölek enjamlary, himiki serişdeler we boýaglar, bezeg önümleri ýaly ugurlary, şeýle hem iň täze tehnologiýalary öz içine alar hem-de “know-how” hödürlär.
Halkara sergisi Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işewür meýdança öwrüler. Sergä gatnaşyjylar innowasion ugurlar bilen tanyşyp, işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de gelejekdäki mümkinçilikleri barada maslahatlaşyp bilerler.


Halkara sergide Sizi dünýä belli brendler, halkara dizaýnerler, ýokary derejeli seminarlar we ussatlyk sapaklary, şeýle hem alyjylar (baýerler) bilen göni aragatnaşyk garaşýar. Moda görkezilişlerinden başlap, önümçilik kärhanalaryna saparlara we strategiki netwörkinge çenli serginiň her bir bölegi hakyky işewürlik netijelerini gazanmaga gönükdirilendir.

Serginiň tematiki ugurlary
*Dokma maşynlary we enjamlary
*Eşik, aýakgap, deri önümleri
*Tebigy süyümleri gaýtadan işlemek
*Öý dokmasy we ekodokma
*Himiki serişdeler we boýaglar
*Aksesurlar we tikin furniturasy
*Moda we bezeg
*Zergärçilik önümleri
Bu – täze hyzmatdaşlyklaryň başlanýan we täze bazarlaryň açylýan ýeri.