Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

8

25-nji maýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli we 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Bu ýerde türkmeniň jaý toýuna mahsus milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi. Çagalaryň milli oýunlary oýnaýan pursatlary gadymdan gelýän mirasyň häzirki döwürde aýawly saklanylyp, dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Ýaş nesliň bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän goşgulary täsirli ýaňlandy. Dabaranyň çäklerinde ýaş türgenler dürli sport çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Dutarçy bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Uly şatlyk-şowhun bilen dürli reňkli howa şarlary asmana uçuryldy.
Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, eziz Diýarymyzyň ýüregi bolan Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň şygarynyň gözelligiň, okgunly ösüşiň nyşany hasaplanýan behişdi bedewler bilen baglanyşdyrylmagy bagtyýar halkymyzy täze zähmet üstünliklerine, Watanymyzyň ösüşine, abraý-mertebesiniň beýgelmegine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Baş şäherimizde dabaraly ulanmaga berilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň, ilatyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr. Uzak möhletleýin geljegi nazarda tutup, baş şäherimizi ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.
Ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý alan bagtyýar maşgalalara dabaraly ýagdaýda öýleriň açarlary gowşuryldy. Açylyş dabarasyna gatnaşan myhmanlar döwrebap öýlerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Täze jaýlardan öý almak bagty miýesser eden maşgalalaryň döwletli ojaklarynda uly şatlyk hem buýsanç bilen toý tutuldy. Täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Oňaýly ýerleşen ýagty otaglarynyň, giň eýwanynyň, aşhanasynyň kämil durmuş tehnikalary, beýleki zerur şertler bilen üpjün edilmegi häzirki döwürde ýurdumyzda adam baradaky aladanyň döwlet syýasatynda baş wezipe hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň nyşanydyr.
Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançasy, medeni-köpçülik çärelerini, dabaralary geçirmek üçin desgalar, beýleki tehniki desgalar bar. Jaýlaryň töwereginde güller, gök otlar ekilipdir, köçeler yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir. Oňaýlylyk, amatlylyk, gözellik, ygtybarlylyk, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologik ölçegler ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, dolandyryş, senagat, sport, durmuş binalarynyň, ulag düzüminiň desgalarynyň esasy aýratynlygydyr.
Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar maşgalalar Aşgabat şäheriniň baýram gününde şeýle şatlykly pursatlaryň miýesser edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň gününiň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Ol medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar tans toparynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy. Açylyş dabarasynyň bäbek toýy we beýleki milli baýramçylyk däp-dessurlary bilen utgaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Uçurylan dürli öwüşgindäki howa şarlary paýtagtymyzyň asmanyna bezeg berdi.
Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli açylyş dabaralarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aşgabat şäheriniň güni hem-de täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy mynasybetli berlen toý sadakasynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, giň möçberli işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.