Köpler bu adalary gaýykly syýahat edýän bolsa, köpler ýaşyl gaýalary dikuçar arkaly ýokardan synlaýar. Günorta-Gündogar Aziýanyň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biri bolan bu arhipelaga «Raja Ampat» diýilýär. Batanta, Misool, Salawati we Waýgeo ýaly 4 esasy adany hem-de 1500-den gowrak ululy-kiçili adalary özünde jemleýän Raja Ampat ýerli dilden terjime edilende «Dört Patyşa» diýmegi aňladýar. Adalaryň iň ulusy Waýgeo bolup, syýahatçylaryň düşleýän adasy hasaplanýar.
Dünýäniň iň ajaýyp tebigy gözellikleriniň biri bolan bu ada Indoneziýanyň çäginde, Papua–Täze Gwineýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Raja Ampat adalar toplumy suwasty gözelligi we deňiz jandarlaryny synlamagy halaýanlar üçin iň gowy dynç alyş merkezleriniň biridir. Syýahatçylar ilki Waýsaý port şäherine baryp, soňra uçarly ýa-da gämili ýaşyl arhipelaga gitmeli bolýarlar. Waýsaý şäheri Sorong şäheriniň golaýynda ýerleşýär.
Arhipelagyň çäginde 540-dan gowrak merjen gaýalary, balygyň 1400-den gowrak görnüşi, kitlerden deňiz atlaryna çenli dürli görnüşli deňiz jandarlary ýaşaýar. Arhipelagda suwasty jandarlar bilen bir hatarda, deňiz krokodilleri hem ýaşaýar. Şol sebäpli bu ýerdäki käbir ada barmak we suwa düşmek howply hasaplanýar.
Ada barýan ýaş juwanlar ilki bilen Karawapop kölüni görmäge howlugýarlar. Ýürege meňzeş «Söýgi köli» dünýäniň iň romantik ýerleriniň biri hasaplanýar. Arhipelagyň käbir adasynda taryhy wakalary gürrüň berýän gaýa suratlary hem saklanýar. Labirinte meňzeş adalaryň arasyndan iň meşhury suw eroziýasyndan emele gelen kömelege meňzeş adalar hasaplanýar. Suwuň urmagy netijesinde aşaky bölegi oýulan tegelek adalar balyklaryň gizlenmegi we şol ýerde ýaşamagy üçin oňaýly şert döredýär.
«Kali Biru» derýasy Raja Ampat adalar toplumynyň iň meşhur ýeri bolup, gaýykly baryp bolýar. Ýerli halkyň arasynda Gök derýa diýlip atlandyrylýan bu gözellik maýalibit taýpasy üçin mukaddes ýer hasaplanýar. Bu ýerdäki düzgüne görä, syýahatçylar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek arkaly derýanyň diňe bir kenarynda 30 minuta çenli suwa düşüp bilýärler. Mukaddes hasaplanylýandygy we diňe maýalibit taýpasyna degişli bolandygy sebäpli, derýanyň garşy kenaryna geçmek gadagan edilýär. Ýerli halkyň arasynda Gök derýa barada köp sanly rowaýatlar bar.
Arhipelagyň meşhur ýerleriniň ýene biri ajaýyp görnüşe eýe bolan Piaýnemo adalarydyr. Aýlagda ýerleşýän kiçijik adalar owadan we täsin tebigy gözelligi emele getirýär. Mundan başga-da, Waýag adalary we Akula kenary syýahatçylar üçin iň täsin başdangeçirmeleri hödürleýär. Mansuar adasynda bolsa ak çägäniň üstünde Günüň batyşyny synlamak gaýtalanmajak duýgulary döredýär. Bu ada Raja Ampat arhipelagynyň iň pes adasydyr.
Tebigaty söýüjiler Raja Ampatda diňe şol ýerde gabat gelýän gyzyl jennet guşuny hem ýakyndan synlap bilýärler. Iki sany uzyn ýelegi, seçege meňzeş guýrugy bolan gyzyl guş uzakdan edil güle meňzeýär.
PDF









