Ynsanlaryň arasynda ýakyn aralykdan telewizora tomaşa etmegiň gözüňi zaýalaýandygy hakynda garaýyşlar bar. Geçirilen barlaglarda oftalmologlar telewizora ýakyndan ýa-da uzakdan tomaşa etmegiň göze zyýan bermeýändigini, uzak wagtlap seretmegiň görşi ýadadýandygyny ýüze çykardylar. Köplenç, ata-eneler tarapyndan çagalar üçin ulanylýan bu duýduryş dogry hasaplanmaýar. Ýakyn aralykdan telewizora tomaşa edilende, şekiller bulaşyk görünýär, bu bolsa gözüň şekilleri yzarlamagyny kynlaşdyrýar. Şeýle hem gözüň myşsalarynda ýadawlyk döredýär, kellagyry we käte ýürek bulanma ýaly ýagdaýlara getirýär.
Aralyk näçe bolmaly?
Telewizora tomaşa etmegiň aralygy ekranyň ululygyna görä üýtgeýär. Ýöne ortaça 2-2,5 metr aralyk göz üçin zerur bolan rahatlygy üpjün edýär. Ata-eneler köplenç göz bilen bagly oňaýsyz alamatlary ýakyn aralykdan telewizora tomaşa etmek bilen baglanyşdyrýarlar. Bilermenler görüş bilen bagly ýagdaýlaryň kompýutere, öýjükli telefona hem-de planşete köp wagtlap seredip oturmak esasynda ýüze çykýandygyny, ekranyň kiçiliginiň, güýçli ýagtylygyň gözüň guramagyna sebäp bolýandygyny belleýärler. Şonuň üçin hem göz myşsalaryny ýadadýan kiçi ekranlara belli bir wagtdan arakesme edip seretmegi maslahat berýärler. Şeýle hem telewizoryň ululygyna görä aralygy saýlamagyň talabalaýyk boljakdygyny belleýärler.
PDF









