Milli aeronawtika we kosmos giňişligini barlamak boýunça müdiriýet (NASA) şu ýylyň ahyryna çenli Aýa tarap üç sany uçarmansyz kosmos missiýasyny amala aşyrjakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Şeýlelikde, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ýeriň tebigy hemrasynda hemişelik bazany döretmek ugrunda ilkinji ädimlerini ädýär. Bu missiýalaryň çäklerinde NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmegi, ylmy maglumatlary ýygnamagy, täze tehnologiýalary synagdan geçirmegi hem-de geljekde kosmonawtlary synag uçuşlaryna ibermeklige taýýarlyk görmegi meýilleşdirýär. Ýeriň tebigy hemrasyna guraljak “Aý bazasy – 1“, “Aý bazasy – 2“ we “Aý bazasy – 3“ atly täze missiýalaryň şu ýylyň ahyryna çenli amala aşyryljakdygy, şunda ilkinji uçuşyň güýz paslyndan gijä galmajakdygy NASA-nyň administratory Jared Aýzekman tarapyndan geçirilen metbugat maslahatynda aýdyldy.
Täze taslamanyň çäklerinde amala aşyryljak ilkinji taryhy hususy missiýada Jeff Bezosyň “Blue Origin” kosmos kompaniýasy esasy orny eýeläp, NASA tarapyndan degişli şertnama laýyklykda, robotlaşdyrylan gonuş moduly arkaly Aýyň ýüzüne iki sany ylmy-tehniki ýük eltiler. Pensilwaniýanyň “Astrobotic” kompaniýasy tarapyndan gurlan “Aý bazasy – 2“ moduly bolsa Ýeriň hemrasyna 450 kilogramdan gowrak ýüki we lunohody elter. Düýpli ylmy häsiýete eýe bolan “Aý bazasy – 3“ missiýasynyň çäklerinde bolsa Ýewropanyň we Koreýa Respublikasynyň kosmos agentlikleriniň ýükleri daşalar hem-de bu uçuş Aýyň syrly girdaplaryny öwrenmäge gönükdiriler.
Mälim edilmegine görä, bu başlangyçlar NASA-nyň 2029-njy ýyla çenli dowam etjek we öz içine 25 sany uçuşy hem-de 4 tonna golaý ýüki daşamak wezipesini öz üstüne alýan uzak möhletleýin maksatnamasynyň birinji tapgyrydyr. Kosmos agentliginiň meýilnamasyna laýyklykda, taslamanyň ikinji tapgyrynda (2029-2032 ýý.) Aýda wagtlaýyn ýaşaýyş düzümleri gurlup, üçünji tapgyrda (2032-nji ýyldan başlap) bolsa kosmonawtlar toparynyň yzygiderli çalşylmagy esasynda hemişelik binýat dörediler. Şeýle-de, geçen aýda guralan “Artemida-2” missiýasynyň çäklerinde dört kosmonawtyň gatnaşmagynda soňky 50 ýylda ilkinji gezek Aýyň daşyndan aýlanyş uçuşynyň üstünlikli amala aşyrylandygy, geljekde bolsa “Artemis-3” (2027 ý.) we kosmonawtlaryň Aýyň ýüzüne göni düşmegini göz öňünde tutýan “Artemis-4” (2028 ý.) atly täze taryhy kosmos maksatnamalarynyň durmuşa geçiriljekdigi bellenilip geçildi.
PDF









