27-nji maýda Saud Arabystany Patyşalygynyň Mina jülgesinde dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 1,5 milliondan gowrak musulman zyýaratçysy haç parzynyň iň esasy amallarynyň biri bolan şeýtana daş atmak däbini berjaý etdi. Mukaddes Mekge şäheriniň golaýyndaky çadyrlar şäherjiginde amala aşyrylan bu çäräniň barşynda zyýaratçylar gijesini Muzdelife jülgesinde geçirip, ýygnan daşlaryny şeýtanyň şekili bolan üç sany uly sütüne zyňdylar. Haç möwsüminiň iň köp adamly günleriniň birinde Saud Arabystanynyň degişli edaralary tarapyndan ýokary derejede howpsuzlyk çäreleri görlüp, adam akymlary yzygiderli gözegçilikde saklandy. Şunuň bilen bir hatarda, Al-Haram metjidinde müňlerçe dindaryň gatnaşmagynda mukaddes Käbäniň daşyndan togap etmek çäresi hem uly guramaçylyk astynda geçirildi.
Yslam taryhyndaky mukaddes rowaýatlara, hususan-da, Ybraýym pygamberiň Allatagalanyň buýrugyny ýerine ýetirmekde görkezen durnuklylygyna eýerilip amala aşyrylýan bu dini däp-dessuryň ahyrynda zyýaratçylar saçlaryny syrdyrdylar ýa-da gysgaltdyrdylar. Bu bolsa haç parzynyň tamamlaýjy tapgyryna gadam basylandygyny aňlatdy. Şeýle hem mukaddes günlerde zyýaratçylar bütin dünýäniň musulmanlary tarapyndan uly dabara bilen bellenilýän Gurban baýramynyň çäklerinde gurbanlyklaryny berdiler.
PDF









