Dünýäniň iň iri azyk eksportçylary mälim edildi

3

Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň eksporty häzirki wagtda döwletleriň ykdysady kuwwatynyň iň aýdyň görkezijileriniň birine öwrüldi. Maglumatlara görä, dünýäniň iň iri 30 sany azyk eksportçysynyň paýyna umumy bahasy 1,5 trillion amerikan dollaryna barabar bolan global oba hojalyk bazarynyň 80 göteriminden gowragy düşýär. Şunda diňe öňdebaryjy 10 sany ýurt ähli eksportyň tas ýarysyny üpjün edip, dünýädäki azyk bahalaryna we logistika zynjyrlaryna nyrh kesiji hökmünde çykyş edýär.
Global azyk söwdasynyň özenini ABŞ, Braziliýa, Kanada we Meksika düzüp, bu ýurtlar galla, et we ýag ekinleriniň dünýä bazaryndaky dörtden bir bölegine gözegçilik edýärler. Hytaý önümçilikde dünýäde öňe saýlansa-da, önüminiň esasy bölegini içerki sarp edişe gönükdirýär. Aziýa bazaryny bolsa, esasan, sygyr eti we galla bilen Awstraliýa hem-de palma ýagy boýunça dünýä lideri bolan Indoneziýa üpjün edýär.
Ýewropa döwletleri, aýratyn-da Niderlandlar, Fransiýa we Germaniýa dünýä bazarynda önümçiligiň göwrümi bilen däl-de, döwrebap ýyladyşhana tehnologiýalary we ýokary netijelilik arkaly bäsleşýärler. Şol bir wagtda dünýädäki geosyýasy durnuksyzlyklar, deňiz gatnawlaryndaky bökdençlikler we ýangyç-energetika serişdeleriniň gymmatlamagy global azyk üpjünçiligine hem-de önümçilik çykdajylarynyň artmagyna ýaramaz täsirini ýetirýär.