Russiýanyň Döwlet muzeýi meşhur suratkeş Iwan Aýwazowskiniň (Owannes Aýwazýan)“Dokuzynjy tolkun“ atly eseriniň abatlanmagynyň sebäbini onuň boýag gatlagynyň zaýalanmagy we gopmak howpy bilen düşündirdi. Eseriň 176 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek guralýan bu dikeldiş işleri Sankt-Peterburgda amala aşyrylýar. Bu zerur çäre meşhur eseri gorap saklamak hem-de oktýabr aýynda geçiriljek uly sergä taýýarlyk görmek maksady bilen ýerine ýetirilýär.
PDF









