Dünýä Kubogynyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan, 2 gezek kubogy eýelän Urugwaýyň gutarnykly düzümi mälim edildi. Argentinaly mehur tälimçi Marselo Bielsa toparyň düzümine Muslera,, Hose Himenes, Bentankur, Walwerde, Darwin Nunýes ýaly ýyldyzlary hem çagyrdy. Düzümdäki ýeke futbolçy hem Urugwaýyň klublarynda oýnanok. Ýagny topar diňe legionerlerden düzüldi. Tälimçi köp wagtdan bäri düzüme almaýan oýunçysy, “galatasaraýly” Lukas Toreirony ýene-de toparyň daşynda galdyrdy.
Urugwaýyň ýygyndysy “H” toparçada Kabo Werdeniň, Ispaniýanyň hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen duşuşar.
DERWEZEÇILER Fernando Muslera (Estudiantes, Argentina) Serhio Roçet (Internasional) Santiago Mele (Monterreý) GORAGÇYLAR Hose Maria Himenes (Atletiko) Matias Winýa (Riwer Pleýt) Matias Oliwera (Napoli) Gillermo Warela (Flamengo) Ronald Arauho (Barselona) Sebastian Kaseres (Amerika, Meksika) Hoakin Pikeres (Palmeiras) Santiago Bueno (Wulwerhempton) ÝARYMGORAGÇYLAR Rodrigo Bentankur (Tottenham) Federiko Walwerde (Real Madrid) Jorjian de Arraskaeta (Flamengo) Fakundo Pellistri (Panatinaikos) Manuel Ugarte (Mançester Ýunaýted) Nikolas de la Kruz (Flamengo) Braýan Rodriges (Amerika, Meksika) Maksimiliano Arauho (Sporting) Agustin Kanobbio (Fluminense) Emiliano Martines (Palmeiras) Rodrigo Zalazar (Braga) Huan Manuel Sanabria (Real Solt Leýk, ABŞ) HÜJÜMÇILER Darwin Nunýes (Al-Hilal) Federiço Winýas (Owiedo) Rodrigo Agirre (UANL, Meksika)
PDF









