“Barselonanyň” täze transferi

15

Ispaniýanyň “Barselona” topary transfer möwsümine uly transfer bilen başlady. Katalonlar iňlis kluby “Nýukaslyň” ýerli futbolçysy Antoni Gordony düzümine goşdy. “Barselona” topary 25 ýaşyndaky winger bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ispan kluby Gordonyň transferi üçin iňlislere 70+10 million ýewro berer.

Gordon professional karýerasyna “Ewertonda” başlap, 2023-nji ýylda “Nýukasla” transfer bolupdy. Ol “Nýukaslyň” düzüminde 152 oýunda 39 gol geçirdi. Gordon şu möwsümde Çempionlar Ligasynda 10 gol geçirip, şolaryň birinjisini “Barselonanyň” derwezesinden girizipdi.

Onuň Angliýanyň milli ýygyndysynda-da 17 oýunda 2 goly bar.