Russiýanyň «Slowo Tolstoýa» (Tolstoýyň sözi) atly ylmy-barlag taslamasynyň hünärmenleri beýik ýazyjy Lew Nikolaýewiç Tolstoýyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan sanly ulgamda uly täzelenmäni amala aşyrdylar. Taslamanyň çäklerinde ýazyjynyň giň gurşawyny, tanyş-bilişlerini görkezýän özboluşly interaktiw aragatnaşyk ulgamy we 9 müňden gowrak suraty öz içine alýan uly göwrümli fotoarhiw döredildi. Ýazyjynyň 90 jiltlik eserler ýygyndysynyň esasynda taýýarlanan bu platforma häzirki zaman emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen edebi mirasy öwrenmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Täze döredilen sanly aragatnaşyk ulgamy ýazyjynyň öz döwründe gatnaşan we hat-habar alyşan müňlerçe ynsanlaryny — meşhur ýazyjylardan, suratkeşlerden we filosoflardan başlap, ýönekeý daýhanlara hem-de mugallymlara çenli bolan giň gurşawy öz içine alýar. Bu ulgam XIX asyryň we XX asyryň başlarynyň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň özboluşly kartasy bolup hyzmat edýär. Taslamada ýazyjynyň uly baha beren daýhan Timofeý Bondarew ýaly tanyşlarynyň her biri barada giňişleýin ylmy maglumatlar we düşündirişler berilýär.
Ýazyjynyň Döwlet muzeý-goraghanasy bilen bilelikde döredilen fotoarhiwdäki suratlaryň agramly bölegi ilkinji gezek köpçülige ýetirilýär. «Yandex» kompaniýasynyň emeli aň gurallary arkaly taslama bir bitewi ulgama öwrüldi. Indi ulanyjylar ýazyjynyň gündeligindäki islendik adamyň adynyň üsti bilen şol şahsyýetiň arhiw suratyna, şeýle hem şol bir günde ýazylan ýazgylara we düşürilen surata internet arkaly aňsatlyk bilen göni geçip bilýärler.
Sanly platformanyň mümkinçiliklerini görkezmek maksady bilen, filologlar tarapyndan eýýäm birnäçe ylmy barlaglar taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda ýazyjynyň döwürdeşleriniň gündelikleri esasynda dikeldilen taryhy hekaýalar, ýazyjynyň Peterburgda bolan ýerlerini görkezýän gezelenç meýilnamasy, şeýle hem onuň teatr baradaky ýazgylarynda ulanan özboluşly sözleriniň düşündirişli sözlügi bar.
PDF









