“TurkmenTextile Expo 2026” sergisiniň çäklerinde halkara moda görkezilişi bolar

11

Özal hem habar berşimiz ýaly, 4-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentextile Expo-2026” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu halkara sergisini Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy guraýar.
“TurkmenTextile Expo 2026” halkara moda görkezilişiniň geçirilýän meýdançasyna öwrüler. Bu ýerde Marokko, Oman, Fransiýa, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletlerinden dizaýnerler öz kolleksiýalaryny hödürlärler.
Sergi üçin ýörite taýýarlanan eksklýuziw kolleksiýalar milli däpler bilen häzirki zaman dünýä tendensiýalarynyň sazlaşygyny görkezýär.
Moda görkezilişi diňe bir täsirli wizual çäre bolman, eýsem, dizaýnerleriň, brendleriň we halkara alyjylaryň (baýerleriň) özara hyzmatdaşlygy üçin möhüm işewürlik platformasyna öwrüler.
“TurkmenTextile Expo 2026”-nyň çäklerinde ýurduň zehinli türkmen dizaýnerleriniň kolleksiýalary hödürlener. Bu kolleksiýalar milli medeni mirasyň baýlygyny häzirki zaman moda ugurlary bilen sazlaşdyrýar.
Dizaýnerler milli nagyşlardan, el işlerinden we milli aýratynlyklardan ylham alyp, taryhy häzirki zaman dizaýny bilen utgaşdyrýan özboluşly önümleri döredýärler.
Olaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň döredijilik mümkinçiliklerini görkezýär we halkara bazara çykmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.