Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

4

Şu günler 2025-2026-njy okuw ýyly hem üstünlikli tamamlanyp bagtyýar çagalar ýazky dynç alyş möwsümine çykdylar. Ýazky dynç alyş möwsüminde okuwçylaryň wagtlaryny şadyýan, mazmunly geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň çar künjünde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerini aýtmak bolar. Çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny Gökderedäki, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyndaky, şeýle hem welaýatlarymyzdaky hoştap howaly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şadyýanlykda geçirýärler. Häzirki wagtda birinji tapgyrda dynç alýan çagalar dynç alyş merkezlerine guramaçylykly ugradyldy. Bu dynç alyş merkezlerinde meýilnama esasynda dürli medeni çäreler, bäsleşikler, gezelençler yzygiderli guralýar. Çagalara haýwanat we tebigat bilen baglanşykly dürli şekiller bilen bezelen otaglarda gyzykly ertekileri, hekaýalary gürrüň berýärler, okuw döwründe alan bilimleri barada sorag-jogap alyşýarlar, tapmaçadyr matallar bilen çagalar wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Aýdym-saza höwesjeň çagalara dürli saz gurallary barada gürrüň berýärler, aýdym aýtmagy, tans etmegi öwredýärler. Dynç alýan çagalaryň arasynda dürli sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli işleriň bellenen meýilnama esasynda alnyp barylmagy çagalaryň arasynda medeni çäreleriň, terbiýeçilik işleriniň, sport bäsleşikleriniň geçirilmegi dynç alýan çagalarda uzak wagtlap ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalarydyr. Şoňa görä-de, diýarymyzda erkana ýaşaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen Maksatnamalar amala aşyrylýar. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda çagalaryň mynasyp bilim-terbiýe almaklary, sport döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagalla edilýär.
Mähriban Watanmyzy bagtyýar çagalaryň ýurduna öwüren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun.

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.