Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu halkara sergini Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «TurkmenExpo» kompaniýasy guraýar.

Halkara sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara Gutlagyny ugratdy. Gutlagda bu halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlaryny giňden görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de innowasion tejribeleri alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýip bellenýär. Şeýle-de häzirki döwürde dokma pudagyny ösdürmekde halkymyzyň milli mirasyna, asylly däp-dessurlaryna we çeperçilik ýörelgelerini döwrebap tehnologiýalar, innowasion ösüş bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu çemeleşme türkmen dokma önümleriniň milli özboluşlylygyny saklamaga, olaryň çeperçilik gymmatyny has-da baýlaşdyrmaga hem-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär diýlip nygtalýar.

Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurtlardan dokma enjamlaryny, dokma senagaty üçin boýag we himiki serişdeleri, çig mal, gaplaýjy we önümçilik serişdelerini öndüriji, üpjün ediji kompaniýalaryň 100-den gowragy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar. Şolaryň köpüsi daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary we belli moda birleşmeleridir.

Sergi dokma senagatynyň enjamlary, tebigy süýümleri gaýtadan işlemek, egin-eşik we aýakgap, öý dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary we bölek enjamlary, himiki serişdeler we boýaglar, bezeg önümleri ýaly ugurlary, şeýle hem iň täze tehnologiýalary öz içine alýar hem-de «know-how» hödürleýär.

Halkara sergisi Türkmenistanyň dokma senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işewür meýdança öwrüldi. Sergä gatnaşyjylar innowasion ugurlar bilen tanşyp, işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de geljekdäki mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar.
Halkara serginiň çäklerinde dünýä belli brendler, halkara dizaýnerler, moda ussatlary bilen ýokary derejeli seminarlar, ussatlyk sapaklary hem-de duşuşyklar geçirilýär.

Moda görkezilişi geçirildi
«Turkmentextile Expo – 2026» halkara moda görkezilişiniň geçirilýän meýdançasy köp adamly boldy. Bu ýerde Marokko, Oman, Fransiýa, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletlerinden dizaýnerler öz kolleksiýalaryny hödürlediler.
Sergi üçin ýörite taýýarlanan eksklýuziw kolleksiýalar milli däpler bilen häzirki zaman dünýä tendensiýalarynyň sazlaşygyny görkezýär. Moda görkezilişi diňe bir täsirli wizual çäre bolman, eýsem, dizaýnerleriň, brendleriň we halkara alyjylaryň özara hyzmatdaşlygy üçin möhüm işewürlik platformasyna öwrüldi.

«Turkmentextile Expo – 2026»-nyň çäklerinde ýurduň zehinli türkmen dizaýnerleriniň kolleksiýalary hödürlendi. Bu kolleksiýalar milli medeni mirasyň baýlygyny häzirkizaman moda ugurlary bilen sazlaşdyrýar.

Dizaýnerler milli nagyşlardan, el işlerinden we milli aýratynlyklardan ylham alyp, taryhy häzirki zaman dizaýny bilen utgaşdyrýan özboluşly önümleri döredýärler. Olaryň sergä gatnaşmagy Türkmenistanyň döredijilik mümkinçiliklerini görkezýär we halkara bazara çykmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Halkara sergi-ýarmarka 6-njy iýunda öz işini tamamlar.
PDF









