Gyrgyzystan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine saýlandy

9

Düýn, 3-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde, Gyrgyz Respublikasy öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027-2028-nji ýyllar üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Ses berişligiň birnäçe tapgyrynyň dowamynda Gyrgyzystan özüniň esasy bäsdeşi bolan Filippinler Respublikasyny yzda galdyryp, Baş Assambleýanyň agza döwletleriniň zerur bolan üçden iki böleginiň, ýagny 142 ýurduň goldawyny almagy başardy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gazanylan taryhy üstünlik mynasybetli halkyna ýüzlenip, bu wakanyň ýurduň halkara abraýynyň belentliginiň subutnamasydygyny we Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyny aýratyn nygtady. Resmi maglumatlara görä, 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Gyrgyzystan bilen bir hatarda Awstriýa, Zimbabwe, Portugaliýa hem-de Trinidad we Tobago Respublikalary hem Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary hökmünde öz borçlaryna girişerler. Täze saýlanan döwletler 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ygtyýarlylyk möhleti tamamlanýan Gresiýanyň, Daniýanyň, Pakistanyň, Panamanyň we Somaliniň ornuny tutarlar.