Iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy

3

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen ýurda resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýaryň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar goranyş senagaty, atom energetikasy we oba hojalygy ýaly strategik taýdan möhüm ugurlarda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny täze şertlerde hil taýdan kämilleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Ýokary derejedäki duşuşykda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň geljekki ýedi ýyllyk býujeti, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Saparyň çäklerinde beren resmi beýanatynda Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar öz ýurdunyň netijeli syýasatynyň fransiýaly maýadarlar üçin has açyk, aýdyň we durnukly işewürlik gurşawyny döretjekdigini aýratyn nygtady. Häzirki wagtda Fransiýanyň iri kompaniýalarynda 45 müňe golaý wenger raýatynyň zähmet çekýändigini we munuň özi hem ikitaraplaýyn ykdysady baglanyşygyň güýçlenýändiginiň subutnamasydyr diýip, Hökümet Baştutany belledi. Şeýle hem ol «Wişegrad dörtlüginiň» (V4) çäklerindäki sebitara gatnaşyklary täze belentliklere çykarmaga we bu ugurda Fransiýa hem-de Germaniýa ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleri bilen bilelikde bileleşen Hökümet mejlislerini geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bildirdi.
Fransiýanyň Lideri Emmanuel Makron öz gezeginde Wengriýada saýlanan täze hökümet bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze taryhy tapgyryň başlanandygyna ynam bildirdi we Wengriýanyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde, şol sanda sebit durnuklylygyny goramak meselelerinde hem mundan beýläk oňyn hem-de konstruktiw hyzmatdaş boljakdygyny belledi. Duşuşykda taraplar Ýewropa Komissiýasynyň doňdurylan serişdeleri yzyna gaýtarmak baradaky çykaran çözgüdini we Budapeştiň Ýewropa prokuraturasyna goşulmak baradaky kararyny gutladylar. Resmi saparyň çäklerinde Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar Fransiýanyň Prezidentini 1956-njy ýylyň rewolýusiýasynyň 70 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara çagyrdy, şeýle hem Fransiýanyň Senatynyň we Milli Assambleýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi.