4-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde guralan, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanda ÝUNISEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän häzirki we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, öňde geçirilmegi meýileşdirilýän bilelikdäki çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meseleler hem garaldy.
PDF









