3-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde Migrasiýa boýunça halkara guramanyň bilermenleri bilen Mejlisiň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň maksady ýaşlaryň we zenanlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çemeleşme esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we bu ugurdaky degişli taslamanyň netijelerine baha bermekden ybarat boldy.
Mejlisiň wekilleri duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda degişli ugurlar boýunça hereketleriň milli meýilnamalary esasynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde we halkara ülňülerini ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Migrasiýa boýunça halkara guramanyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda guralýan okuw maslahatlarynyň we saparlarynyň ähmiýetini bellediler.
Çeşme: mejlis.gov.tm
PDF









