Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

3

4-nji iýunynda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.

Dabara Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň wekilleri, Russiýanyň medeni edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, žurnalistler, talyplar we Russiýa Federasiýasynyň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan, şol sanda meşhur artistlerden, opera ýerine ýetirijilerinden, estrada aýdymçylaryndan, meşhur saz we tans toparlaryndan, şeýle hem KHBS-iň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherine saparda bolýarlar.

Teatryň eýwanynda milli medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň ajaýyp baýramçylygyna gatnaşýan myhmanlara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky türkmen halkynyň taryhyny we çeperçilik mirasyny açyp görkezýän milli şaý-sepleriň, muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň özboluşly eserleri ýerleşdirilen diwarlyklardyr sergi tekjeleri görkezildi.

Türkmen sungat ussatlary tomaşaçylary halk döredijiliginiň, şeýle hem häzirki zaman nusgawy we estrada sungatynyň nusgalary bilen tanyşdyrdylar, milli wokal çykyşlaryny we tanslaryny görkezdiler, kirişli we üflenip çalynýan saz gurallarynyň asyl nusgalarynda halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylary haýran galdyrdylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy iki ýurduň medeniýet işgärleriniň arasynda birnäçe duşuşyklaryň girilmegini göz öňünde tutýar.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm