Müsüriň paýtagty Kairde sürüjisiz monorels ulgamy işe girizildi. Täze jemgyýetçilik ulagy Afrikanyň ilkinji sürüjisiz monorels ulgamy boldy. Taslamanyň ilkinji tapgyry bolan Gündogar Nil şahasy Nasr şäherindäki Halkara stadion bilen gurluşygy dowam edýän ýurduň täze paýtagtynyň arasyndaky 56,5 kilometrlik aralykda hereket edýär. Uzynlygy 43,8 kilometr boljak Günbatar Nil şahasynyň gurluşygy bolsa dowam edýär. Bu şaha tamamlanandan soňra şäher bilen Gizanyň aralygynda üznüksiz gatnaw ýola goýlar. Monorelsiň umumy uzynlygy 100 kilometrden geçer. Şeýlelikde, bu ýol häzirki wagtda Hytaýyň Çunsin şäherindäki uzynlygy 98,5 kilometre ýetýän monorelsden öňe geçer.
Gurluşygy doly tamamlanandan soňra monorels her gün 500 müň ýolagça hyzmat eder. Ýerden ýokarda gurlan demir ýolda hereket edýän otlularyň tizligi sagatda 80 kilometre ýetýär.
Ilaty 20 milliondan geçýän Kairde ýol dyknyşygy köp bolýar. Täze ulgamyň bu meseläni çözmäge ýardam etjekdigi bellenilýär. Häzirki wagtda şäherde metronyň 3 şahasy hereket edýär.
Jahan Ýomudowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









