Bazar bahasy 1 trillion dollardan geçen kompaniýalaryň hataryna Koreýa Respublikasynyň «SK Hynix» hem-de ABŞ-nyň «Micron Technology» kompaniýalary goşuldy. Çip önümçiligi bilen meşgullanýan «SK Hynix» kompaniýasynyň bahasy emeli aň tehnologiýalaryna bolan ýokary islegiň netijesinde 1 trillion amerikan dollaryndan geçdi. Bu ýagdaý emeli aň tehnologiýasyna maýa goýýan beýleki kompaniýalara hem degişlidir. Mundan ozal «Samsung Electronics»-iň hem bazar bahasy 1 trillion dollardan geçipdi. Şeýlelikde, Koreýa Respublikasy ABŞ-dan soňra birden köp kompaniýasy şeýle derejä ýeten ikinji ýurt boldy.
«SK Hynix» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 14,9% gymmatlap, bazar bahasy 1,68 katrillion wona (1,12 trillion amerikan dollary) ýetdi. 6-njy maýda «Samsung Electronics», 2-nji iýunda «Micron» kompaniýalary hem 1 trillion dollarlyk sepgitden geçipdi.
Aýdogdy Rozyýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
PDF









