14-nji iýunda Şweýsariýada ýurduň ilatynyň 10 million bilen çäklendirilmegi boýunça sala salşyk geçiriler. Ýurtda islendik meselede diýen ýaly sala salşyk geçirilýär. Häzirki wagtda ýurduň ilaty 9,1 milliondan geçýär. Eger halk tarapyndan goldanylan ýagdaýynda ýurda kabul edilýän migrantlaryň sany 50 göterim azaldylar. Şweýsariýada iş alyp barýan iri halkara kompaniýalaryň ýokary hünärli işgärleriniň köpüsi daşary ýurtly. Bu firmalaryň arasynda banklar, önümçilik we tehnologiýa kompaniýalary bar. Saglygy goraýyş ulgamynda iş alyp barýan «Roche Holding» kompaniýasynyň Bazeldäki edarasynda 100-den gowrak ýurtdan hünärmenler zähmet çekýär. «Google»-yň Sýurihdäki ofisinde dünýäniň 85 ýurdundan 5 müňden gowrak işgär işleýär. Soňky 10 ýylda ýurduň ilaty 1 milliona golaý artypdyr.
PDF









