Saglyk tebigatyň ynsana beren peşgeşi, ynsanyň durmuşyndaky esasy gymmatlyk, adam bedeniniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýy bolup, ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykdy, ýaşaýşymyza sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmak ählihalk işine öwrüldi. Ýurdumyzda yglan edilen «Saglyk» döwlet maksatnamanyň esasy özenini tutýan işleriň biri-de türkmen durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmakdyr.
Türkmen halkynyň edim-gylymy arassaçylyga iňňän üns berýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmen halkynyň mirasyna ser salsaň, muny her ädimde görmek bolýar. Şeýle häsiýetleriň jemlenmegi bilen, irki döwürlerde hem dürli keselleriň ýaýramagyndan goranyp bilipdirler. Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek endigimiz saglygymyzy goramakda uly ähmiýete eýedir. Elimizi wagtly-wagtynda ýuwmak bizi zyýanly mikroblaryň bedenimize düşmeginden goraýar. Daş çykylanda eliňe zyýansyzlandyryş serişdelerini sepmegiň hem mikroblardan goraýjylyk ähmiýeti bardyr.
Eliňi ýuwmaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, zyýansyzlandyryş serişdesini ýanyňyz bilen götermek arkaly bu meseläni aradan aýryp bilersiňiz. Şeýle-de şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy-da hökmandyr.
Iş otagyňyzyň we öýüň içiniň hem her gün ýelejiredilip we yzygiderli tämizlenip durulmagy, beýleki arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi zerurdyr. Lukmanlar tämizleýji serişdeler ulanylanda, eliňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi maslahat berýärler. Arassaçylyk kadalarynyň dogry we doly ýerine ýetirilmegi saglygymyzy goramagyň iň ygtybarly serişdeleriniň biridir.
Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri bilip, berjaý etmäge çalyşmalydyr. Gök we bakja önümlerini köpräk iýmeli. Gök önümler we miweler iýilmezden öň gowy edip akar suwda ýuwulmaly. Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr.
Ynsan saglygyny baş döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Goý,
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Pyhy PYHYÝEW,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Arassaçylyk we
keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň
arassaçylyk-gigiýena bölüminiň müdiri.
PDF









