Paýtagtymyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

2

5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň özara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň hemme ugurlary ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Dürli derejedäki özara saparlar munuň aýdyň mysalydyr.
Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. «Dostluk kompozisiýasy» atly çykyş iki ýurduň we olaryň halklarynyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýändikleriniň çeper beýany boldy. Tomaşaçylar Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, ýurduň Döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, halk artistleriň, beýleki birnäçe aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar.


Azerbaýjanyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna ýurdumyzyň meşhur tans toparlary hem goşuldylar. «Galkynyş» toparynyň “Küştdepdi” tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda sazandalar, aýdymçylar we tansçylar sazyň, aýdymyň hem-de tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini we özboluşlylygyny açyp görkezdiler. Çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdym ýerine ýetirilende has-da aýdyň ýüze çykdy. Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň hem-de ýurdumyzyň «Näzli» tans toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetiren bu çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan XIX asyrdan häzirki güne çenli taryhy döwri öz içine alýan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda Azerbaýjanyň çeper filmleriniň görkezilişi hem boldy.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda iki ýurduň nusgawy şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Azerbaýjan Respublikasy barada fotosergi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar.