5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň bäş aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,6 göterime, gurluşykda 6,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,2 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 1,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
PDF









