Goýunlar üçin gorag sowudy

1

Awstriýaly telekeçi Rudolf Şaubah möjekleriň hüjüminden goramak üçin goýunlara geýdirilýän daşy tikenli gorag sowudyny oýlap tapdy. Bu tikenli gurluş ýyrtyjylara bökdençlik döretmek arkaly malyň heläk bolmak howpuny azaltmaga gönükdirilendir. Emma Wenanyň haýwanlary goramak jemgyýetiniň talaby bilen, bu oýlap tapyşyň mallaryň saglygyna ýetirjek täsiri boýunça derňew işi başlandy.