Ýewropada şu ýylyň birinji ýarymynda umumy önümçilik kuwwaty 8,8 GWt bolan täze ýel beketleri işe girizildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30% ýokarydyr. Täze gurlan desgalar 7 million hojalygy arassa elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. «WindEurope» guramasy ýylyň ahyryna çenli kuwwaty 24 GWt bolan täze desgalaryň gurlup ulanmaga beriljekdigini habar berdi. Täze ýel beketleriniň 7,1 GWt-lyk bölegi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara degişli boldy. «WindEurope»-yň bu baradaky maglumatyna görä, ýel beketlerini gurmakda Germaniýa öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda 3,4 GWt täze ýel bekedi işe girizilipdir. Daniýa, Polşa, Portugaliýa we Fransiýa döwletlerinde ýel beketleriniň gurluşygy artypdyr. Degişli döwürde Ukrainada 400 MWt ýel bekedi gurlup ulanmaga berlipdir.
Bilermenler 2030-njy ýyllarda sebitde her ýyl guruljak ýel beketleriniň umumy önümçilik kuwwatynyň 30 GWt derejesine ýetjekdigini çaklaýarlar. 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 27 göterimi ýel beketlerinden alnar.
Süleýman Babalyýew,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hojalyk işleri boýunça esasy hünärmeni.
PDF








