8-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda guramanyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu abraýly forumy sessiýanyň täze ýolbaşçysy Halilur Rahman alyp barýar. Açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem-de sessiýanyň başlygy Halilur Rahman çykyş edip, häzirki döwrüň wajyp meselelerine giňişleýin ýüzlendiler.

Bu gezekki mejlis ählumumy hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge, şeýle hem sagdyn planetada parahatçylygy, adalatlylygy we deňligi berkitmek ugrunda dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

Halkara gün tertibine laýyklykda, noýabr aýyna çenli dowam etjek bu giň möçberli çäräniň iň jogapkärçilikli tapgyry – ýokary derejeli hepdelik 22-29-njy sentýabr aralygynda geçiriler. Şunuň bilen birlikde, 22-nji sentýabrda döwlet we hökümet Baştutanlary umumy debatlarda çykyş edip, möhüm garaýyşlaryny beýan ederler. Oňa ýüzden gowrak döwlet we 46 hökümet Baştutanynyň, şeýle hem ýokary derejeli ministrleriň we ilçileriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Esasy umumy debat bilen birlikde, sessiýanyň çäklerinde birnäçe ýörite duşuşyklar hem göz öňünde tutulandyr. Olaryň hataryna Ösüş hukugy hakyndaky Deklarasiýanyň 40 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly duşuşyk, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we “ýaşyl” geçişi üpjün etmek boýunça maslahatlar, dünýä üçin howp salýan deňiz derejesiniň galmagy bilen bagly meseleler, şeýle hem pandemiýalara garşy taýýarlyk we jogap bermek çäreleri girýär. Mundan başga-da, Durban deklarasiýasynyň hem-de Hereketler maksatnamasynyň 25 ýyllygy we Ýadro ýaragyny düýpden ýok etmegiň halkara güni ýaly möhüm senelere bagyşlanan ýokary derejeli plenar mejlisler bolar.