Ýabany mangostin diýlip atlandyrylýan bu miwä ylmy dilde «Sandoricum koetjape» diýilýär. Filippinler bu miwäni santol diýip atlandyrsalaram, tailandlylar oňa «kraton» diýýärler. Narynç reňkli, galyň gabykly miwe daşyndan göräýmäge, hoza we injire çalym edýär. Iýilýän bölegi sarymsak şekilli bölek-bölek bu miwäniň tagamy şetdalyny we pyrtykaly ýadyňa salýar. Miwäniň gabygyny deň ikä keseniňde, pagta gozasynyň içindäki hana meňzeş, akja iýilýän bölekler peýda bolýar. Miwäni böleklere bölüp ýa-da gabygyny ýukajyk arassalap, alma ýaly dişläp hem iýip bolýar. Suwly we şireli santol miwesiniň tagamy biraz turşumtyk bolýar. Köp ýurtda ýabany miwe hasaplanýan santol tomus paslynda ýetişýär. Miwäni çigidi bilen bilelikde iýmek örän howply hasaplanýar. Tailandlylar santoly duza basyp iýýärler. Beýleki ýurtlarda bolsa bu miwe işdäaçarlara we nahara goşulýar.
Santol miwesi Günorta-Gündogar Aziýada ösýän tropik agaçda ýetişýär. Baldaklary üç ýaprakdan ybarat bolan adybir agaç çalt ösýär. Hemişe ýaşyl öwüsýän bu agajyň sary we gyzyl miwe berýän iki görnüşi ösdürilýär. Onuň beýikligi 15-30 metre çenli ýetýär. Santol agajy ýabany tebigatda has gowy ösýär we bol hasyl berýär.
PDF









