Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi

9

Türkmenistanyň ykdysady syýasaty durnukly ösüşi üpjün etmekde we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ýokary netijeleri görkezmegi dowam etdirýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ynamly ösüş depgini hasaba alynýar. Şu ýylyň ilkinji bäş aýynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgini 6,3 göterim ýaly ýokary görkezijä deň boldy. Şonuň bilen bir wagtda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen umumy önümleriň möçberi 10,4 göterim artdy. Bu görkezijiler milli ykdysadyýetiň daşarky şertlere çydamlylygyny we içerki önümçilik mümkinçilikleriniň netijeli ulanylýandygyny aýdyň subut edýär.
Oňyn önümçilik netijeleri ýurduň strategik ähmiýetli ähli ulgamlarynda gazanyldy. Häzirki wagtda iň ýokary ösüş depgini ulag we kommunikasiýa sektorynda hasaba alnyp, bu ugurdaky görkeziji 10,2 göterim ýokarlandy. Şeýle hem hyzmatlar ulgamy 8,4 göterim, söwda ulgamy 7,9 göterim we gurluşyk sektory 6,4 göterim ösüş bitewüliligini görkezdi. Döwletimiziň senagat toplumynda 2,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 1,3 göterim ösüş gazanyldy. Bu bolsa güneşli Diýarymyzda pudaklaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we toplumlaýyn ösdürilmeginiň netijesidir.
Içerki we daşarky söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi ykdysadyýetiň kuwwatyny has-da berkidýär. Bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň bölek söwda haryt dolanyşygy 10 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim artdy. Maliýe ulgamynda hem durnuklylyk saklanyp, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,3 göterim derejesinde ýerine ýetirildi, çykdajy bölegi bolsa 97,3 göterime deň boldy. Ýurdumyzda ähli durmuş borçnamalary wagtynda berjaý edilýär; býujet we hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary bellenen möhletlerde, doly möçberde tölendi.
Ýurtda maýa goýum işjeňliginiň ynamly ýokarlanmagy geljegi uly bolan taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine şert döredýär. Maliýeleşdirişiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,1 göterim ýokary boldy. Bu serişdeleriň uly bölegi Milli oba maksatnamasynyň çäklerinde sebitlerde dürli maksatly desgalaryň giň gerimli gurluşygyna gönükdirilýär we sebitleriň durmuş-ykdysady şertlerini düýpli gowulandyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan toplumlaýyn ösdürilmegi, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrmagy hem-de ykdysady, maliýe we bank toplumlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi döwlet syýasatynyň baş ugurlary bolup durýar. Gazanylan ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli saklamak we JIÖ-niň ösüşini bellenen maksatnamalaýyn derejede saklamak ugrunda zerur bolan ähli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.

Owadan SEÝITNIÝAZOWA,
Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.