Dünýä Kubogy 2026-nyň başlanmagyna sanlyja günler galanda, oňaýsyz waka bolup geçdi. FIFA tarapyndan çempionatyň çäginde eminlik etjek somalili Omar Abdulkadir Artana ABŞ wize bermedi. 34 ýaşyndaky emin Nairobidäki ABŞ-nyň ilçihanasyndan ýörite diplomatik pasport alsa-da, Maýami halkara howa menzilinden yzyna ugradyldy.
2018-nji ýylda FIFA-nyň sanawyna giren Artan geçen ýyl Afrikada ýylyň emini saýlanypdy. Ol geçen ýyl KAF Çempionlar Ligasynyň finalynda jürlewük çalypdy.
FIFA ýer eýesi ýurduň ygtyýar bermeýändigi üçin Artanyň DK-2026-nyň eminler sanawyndan çykarylandygyny resmi ýagdaýda beýan etdi.
PDF









