Daşoguz welaýatynda galla oragyna girişildi

2

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy, il sylagly ýaşulylarymyzyň “bismillasy” bilen goýny 360 pirli Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer galla kärendeçileri şu gün galla oragyna girişdiler. Şu mynasybetli welaýatymyzyň göreldeli etraplarynyň biri bolan Görogly etrabynyň Ak saraý daýhan birleşiginde dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň geçiriljek ýeri toý lybasyna bürenip, türkmeniň alty ganat ak öýleri dikildi, milliligimizi, şeýle hem garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdymyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitleri açyp görkezýän sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy. Gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň, milli şaý seplerimiziň, dokma önümlerimiziň, agaç we agaç önümleriniň, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp berilýän ýokary iş öndürjilikli tehnikalaryň, olaryň tirkeg gurallarynyň sergilerde görkezilmegi ýurdumyzyň bedew bady bilen ösýandigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylýandygyny äşgär edýär. Dabaranyň geçirilýän ýerine il sylagly ýaşulular, welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, öňdebaryjy kärendeçi daýhanlar jemlenip, bismilla bilen galla oragyna badalga bermegi bilen, kuwwatly ýokary iş öndürjilikli kombaýynlar işe girizildi. Soňra göze gelüwli giň sahnanyň öňünde dabara dowam edip, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, kärendeçiler çykyş edip, ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynyň ösüşi, kärendeçilere bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin döredilýän şertler barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabarada welaýat medeniýet bölüminiň aýdym sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Welaýatymyzyň tanymal aýdymçylary özleriniň şirin owazly aýdym sazly çykyşlarynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletli işlerini, ýurdymyzyň rysgal berekedini, päk zähmeti wasp etdiler.
Her ýyl bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary türkmeniň guşgursak ak bugdaýnyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Atyzlarda tomus paslynyň salkyn şemalyna tolkun atýan bugdaýlary synlanyňda kärendeçileriň çeken ýadawsyz zähmetiniň kemsiz ýerine düşýändigine diýseň begenýäris. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçileriň öndürjilikli işlemekligi, bol hasyl ösdürip ýetişdirmekligi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ýokary hilli tohum, dökün, zyýankeşlerden goraýan himiki serişdeler bilen doly üpjün etmegi, ýylyň ýylyna kuwwatly tehnikalaryň, olaryň tirkeg gurallarynyň satyn alnyp berilmegi, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, pagtanyň, bugdaýyň gaýtadan işlenen iýmlik önümleriniň 50 göterimini döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen bahalardan kärendeçilere berilmegi, her bir kärendeçiniň işe bolan höwesini artdyrýar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap komitetiniň işgärleri ýygy-ýygydan oba zähmetkeşleriniň aralarynda bolup, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen bagly kararlaryny wagyz etmek, düşündirmek, öňdebaryjy oba zähmetkeşlerini işe bolan höwesini artdyrmak maksady bilen ýadygärlik sowgatlary bermek, Hormat hatlary bilen sylaglamak, möwsümleýin meýdan işleriniň gyzyşýan günlerinde olaryň medeni çäreleri geçirmek ýaly işleri geçirýäris. Munuň özi möwsümleýin meýdan işleriniň ýokary depginlerde gitmegine, hasylyň gysga wagtda ýygnalyp, watan harmanyna tabşyrylmagyna uly mümkinçilik berýär.
Oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kärendeçi daýhanlary ähli taraplaýyn goldamak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, halkyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Çynar Berdikulyýewa, TAP-yň Daşoguz welaýat komitetiniň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.