10-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň hem-de Finlýandiýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň giňeltmek boýunça özara gyzyklanma barada bellenildi.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.
Ilçi Agre öz gezeginde Türkmenistanyň hem-de Finlýandiýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
PDF









