Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu işe girişdiler.
Möwsümiň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň demirgazyk we günbatar sebitlerinde geçirilen dabaralara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, gallaçy kärendeçiler gatnaşdylar.
Il sylagly ýaşulular halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däbine görä, Beýik Biribardan orak möwsüminiň üstünlikli geçmegini dileg etdiler. Soňra ýaşuly nesliň wekilleri ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler. Kuwwatly däne ýygyjy kombaýnlaryň bugdaý meýdanlaryna çykarylmagy bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda Watan harmanyna ugradyljak gallanyň ilkinji tonnalary ýygnalyp başlandy.
Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary şu ýyl hem döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etmek üçin orak möwsümine doly taýýarlykly geldiler. Demirgazyk sebitiň ekerançylary ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasylly görnüşlerini ekdiler. Galla oragynda däne ýygyjy kombaýnlardan, ýokary öndürijilikli tehnikalardan peýdalanylar. Orak döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerurlyklar bilen üpjün ederler. Meýdan düşelgelerinde olaryň talabalaýyk zähmet çekmekleri, dynç almaklary babatda zerur şertler döredildi. Ýygnalyp alnan hasylyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara, elewatorlara daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün eder.
Balkan welaýatynda-da bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi, agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi, güýzlük bugdaýa ideg işleri yzygiderli amala aşyryldy. Günbatar sebitiň gallaçylary orak möwsüminiň her bir gününi netijeli peýdalanmak ugrunda zerur taýýarlyk işlerini geçirdiler. Kuwwatlylygy we ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýan bugdaý orujy kombaýnlar meýdanlara çykaryldy. Olaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýaglary ýeterlik möçberde üpjün edildi.
Daşoguz we Balkan welaýatlarynda galla oragy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde bugdaýly meýdanlaryň töwereginde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri guralyp, olarda häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Estrada we halk aýdymçylary, folklor-tans toparlary gallaçylar üçin aýdym-saz çykyşlaryny taýýarladylar. Galla oragyna girişilmegi mynasybetli önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda möwsümi degişli derejede guramak, däne ýygnamak işlerini talabalaýyk we sazlaşykly geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
PDF









