9-njy iýunda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistana gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasynyň syýasat meseleleri boýunça baş dolandyryjysy Kerolaýn Wikiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri M.Akmämmedowyň we degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda ministrligiň edara binasynda maslahat geçirildi. Şol sanda, maslahata sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy A.Şanazarow hem gatnaşdy.
Hanym Kerolaýn Wik ilki bilen, mähirli garşy alnandyklaryny nygtap, türkmen tarapyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Şonuň bilen birlikde, sebitde geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistan bilen ygtybarly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek korporasiýasynyň ýakyndan gyzyklandyrma bildirýändigini aýratyn belläp geçdi.
Maslahatyň dowamynda taraplar ileri tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdirilýän taslamalar esasynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegi dogrusynda özara pikir alyşdylar.
PDF









