Tebigatda täsinlikler we geň zatlar şeýle bir kän welin, hatda olaryň käbirini göreniňde gözüňe hem ynanmaýarsyň. Günorta-gündogar Aziýanyň tropik tokaýlarynda ýetişýän ýylanyň derisine meňzeş miwe hem şolaryň biridir. Bu miwä salak diýilýär. Palma meňzeş agaçda bitýän bu miwe ylmy dilde «Salacca zalacca» diýlip atlandyrylýar. Halk arasynda «ýylan miwesi» ady bilen tanalýan salagyň ata Watany Indoneziýa bolup, Ýawa we Bali adalarynda, şeýle hem Tailand, Malaýziýa we Filippinlerde ösdürilip ýetişdirilýär.
Bu miwäni ilkinji gezek görýän adamyň ellemäge gorkmagy mümkin. Sebäbi miwäniň ýalpyldawuk gabygy edil ýylanyň we krokodiliň derisini ýatladýar. Ýylanyň derisine meňzeş miweler pessejik boýly palma agajynyň düýbünde, ýere golaý böleginde topbak-topbak bolup ösýärler. Miwäni ýygnamak aňsat däl. Sebäbi palmanyň baldagynda uly tikenler bolup, eliňe çümýär. Salagyň owunjak teňňeli we ýukajyk gabygy bolup, gaýnadylan ýumurtganyň gabygy ýaly arassalanýar. Ýöne eliňe çümýändigi sebäpli, seresap arassalamaly. Sosnanyň gozasyna çalym edýän bu miwäniň içi – iýilýän ýeri 3 bölekden ybarat. Gowaça gozasynyň hanasyna meňzeýän bu bölekleriň hersinde ýekeje uly goňur çigit bolýar. Almanyň, ananasyň we bananyň bilelikdäki tagamyny ýada salýan salak miwesi suwlulygy we süýjüligi bilen tapawutlanýar.
Ýylanyň derisine meňzeş miwe köplenç terligine iýilýär. Bu miweden dürli süýjülikler, şerbetler we işdäaçarlar hem taýýarlanylýar. Käbir ýurtda bolsa duza ýatyrylyp ýa-da marinadlanyp hem iýilýär. Salak gözüň saglygy, beýniniň işjeňligi we iýmit siňdiriş üçin peýdaly miweleriň biridir.
PDF









