Ermenistanda syýahatçylyk pudagynda taryhy rekord hasaba alyndy

2

Ermenistanyň syýahatçylyk pudagynda şu ýylyň ilkinji bäş aýynyň jemleri boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. Bu barada ýurduň Hökümet Başlygy Nikol Paşinýan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Ermenistana 19,5 göterim syýahatçy köp bardy. Bu ugurda Russiýa öňdeligi eýeledi: daşary ýurtly jahankeşdeleriň umumy sanynyň 40 göterim töweregi ýa-da 328,5 müň russiýaly Ermenistanda boldy.
«2026-njy ýylyň ýanwar-martynda ýurda 825 müň 384 adam geldi. Bu soňky alty ýylda deňsiz-taýsyz rekord derejedir» diýip, ykdysadyýet ministriniň orunbasary Arman Hojoýan habar berdi.