Gazagystanda uçarmansyz ulaglar we aerotaksiler kanunylaşdyrylar

2

Gazagystanda ulaglaryň täze görnüşleri üçin kanuny esas döredýärler. Senatorlar uçarmansyz awtoulaglaryň, dronlaryň we aerotaksileriň peýdalanylyşyny kadalaşdyrýan kanuny kabul etdiler.
Resminamada uçýan enjamlaryň täze nesliniň uçmagy we gonmagy üçin ýörite meýdançalary döretmek göz öňünde tutulýar. Kanun uçarmansyz enjamlar bilen bagly täze adalgalary dolanyşyga girizmek arkaly, robotaksileri we aerotaksileri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem ulaglaryň hereketi boýunça düzgünlere düzedişler göz öňünde tutulýar.