Amerikan milliarderi Ilon Mask we onuň «SpaceX» aerokosmos kompaniýasy gazna bazarynda paýnamalary satmakda iň ýokary rekord görkezijini hasaba alyp, taryha girdi. «Reuters» habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, kompaniýa ilkinji köpçülikleýin ýerleşdiriş (IPO) çäklerinde bir paýnamasyny 135 dollardan bolan bahadan jemi 555,6 million sany paýnamasyny satmagy başardy we 75 milliard dollar möçberinde maýa goýumy çekdi. Bu bolsa dünýä taryhyndaky iň iri IPO bolup durýar. Geçirilen maliýe amallaryndan soň «SpaceX» kompaniýasynyň umumy bahasy 1,77 trillion dollar möçberinde bahalandyrylyp, «Nasdaq» gazna biržasyndaky söwdalaryň şu gün, ýagny, 12-nji iýunda başlanmagyna garaşylýar. Şunlukda,Maskyň «SpaceX» we «Tesla» kompaniýalaryndaky paýnamalarynyň umumy gymmaty onuň şahsy baýlygynyň 1 trillion dollardan aşmagyna we dünýäde ilkinji taryhy görkezijiniň gazanylmagyna getirdi.
«NBC News» teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, «SpaceX» kompaniýasy adaty bellenilýän 10 göterimlik çägiň ýerine, öz paýnamalarynyň, takmynan, 30 göterimini bölek satuw maýadarlaryna tapgyrlaýyn bermegi meýilleşdirýär. 2026-njy ýylyň maýynda resmileşdirilen IPO resminamalaryna laýyklykda, kosmos kompaniýasynyň uzak möhletli strategiki maksatnamasyna Aýyň ýüzüni düýpli öwrenmek we Mars planetasyny özleşdirmek ýaly halkara ähmiýetli kosmos taslamalary girýär.
PDF









