Alymlyk derejesini alan alymlara diplomlar gowşuryldy

1

11-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
Dabaranyň başynda çykyş edenler gutlag sözlerini beýan edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýändigini, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen uly ösüşlere eýe bolýandygyny, halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ilerledilýändigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ylmyny ösdürmek babatda edýän tagallalary we hemmetaraplaýyn goldawlary ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda, ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy. Dabara gatnaşyjylar bu habary uly şatlyk we buýsanç duýgusy bilen kabul etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama esasynda Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady berildi. Degişli resminamada nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, Alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň gumanitar we ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa professor alymlyk adyny dakmak barada netijenamalarynyň esasynda, häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.
Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Ylymlar güni, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplary eziz Watanymyzyň möhüm wakalardan doly taryhyny, adamzat siwilizasiýasyna goşant goşan medeni-taryhy mirasyny, beýik şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny täzeçil ylmy nazaryýetler esasynda öwrenmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň alymlarynyň 6-syna ylymlaryň doktory, 25-sine bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi. Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si, ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.