10-njy iýunda Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Türkmen topragyna syýahat” atly sergininiň açylyş dabarasyny guradylar.
Fransuz suratçysy Pol Nadaryň (Paul Nadar) 1890-njy ýylda Türkmenistanda geçen syýahatyna bagyşlanan sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimowyň gatnaşmagynda açyldy.

Açylyş dabarasynda Milli ylmy işler merkeziniň (CNRS) ylmy müdiri we Fransiýanyň Merkezi Aziýa ylmy işleri institutynyň (IFEAC) ylmy işgäri Swetlana Gorşenina sergi bilen tanyşdyrdy we suratçynyň sebitdäki syýahaty barada gürrüň berdi.
11-23-nji iýun aralygynda köpçülige açyk bolan bu sergi IFEAC, “TotalEnergies” kompaniýasy we Fransiýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň Miras we Suratçylyk media kitaphanasynyň goldawy bilen guraldy.
PDF









