Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanda resmi saparda bolar

20

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, ýakyn wagtda Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyzda resmi saparda bolar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa yklymynyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler ulgamlaýyn esasda alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we häzirki wagtda ýokary derejede alnyp barylýar. Malaýziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegini ilkinjileriň hatarynda goldan döwletdir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 43-si bilen berkidildi.
Syýasy ugur barada aýdylanda, döwlet we hökümet Baştutanlarynyň özara saparlary, ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda ýokary derejeli döwlet we resmi saparlaryň 9-sy, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa 4 sapary, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň Türkmenistana 5 sapary guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllaryň dowamynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek ugrunda uly işleri amala aşyrandygy nygtaldy. Milli Liderimiziň 2011-nji we 2016-njy ýyllarda Malaýziýa amala aşyran döwlet we resmi saparlarynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň, syýasy dialogy giňeltmegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň binýady goýuldy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň Malaýziýa bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygy bellenildi. Şeýle hem Hökümet derejesinde, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli ösdürilýär.
Söwda-ykdysady ulgamda hem Malaýziýa Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk görülýändigini hem-de bu saparyň netijeleriniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini aýtdy.