Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görülýär

13

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22—27-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça dürli medeni çäreleri, şol sanda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, aýdym-sazly çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, edebi agşamlary, filmleriň, sahna oýunlarynyň görkezilişini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Leýli-Mejnun» operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 12-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.