12-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň doly kuwwatynda bökdençsiz işledilmegini gazanmak ugrunda zerur işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalaryny, ykdysadyýetiň pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň önümçiligini bökdençsiz işletmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









