“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konserlerine polat turbalary satyn almaga ygtyýar berildi

10

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan degişli möçberdäki polat turbalary satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Julong Steel Pipe Сo., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine ulanyş hem-de gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan möçberdäki oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Wuхi SP. Steel Tube Manufaсturing Сo., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.